Awstraliýaly alymlar gözi görmeýänler üçin akustiki duýgur äýnek ýasadylar

  • 02.11.2023 12:27
  • 8.9k+

Sidneýiň Tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary görşi pes adamlara daşary çykylanda dogry ýol tapmaga kömek edýän akylly äýnek oýlap tapdylar. Bu täze äýnek giňişligi duýmak üçin ses signallaryny ulanýan ýarganatlaryň we delfinleriň täsin ukyplaryndan ylham alyp ýasaldy.

Akylly äýnek obýektlere çenli aralyga baglylykda tizligi üýtgedýän akustiki signallary döredip biler. Gözlegçiler duýgynyň bu görnüşini akustiki duýgurlyk diýip atlandyrdylar diýip, ExtremeTech habar berýär.
Görşi pes adamlary goldaýan gurallaryň köpüsinde daşky gurşawy seljermek üçin kameralar we wizual datçikler ulanylýar. Toplumlaýyn emeli aň algoritmleri obýektleri, ýagny pyýadalar üçin geçelgeleri, taksileri ýa-da dükanlardaky harytlary suratlandyrmaga kömek edýär.
Täze akylly äýnek daşky gurşaw hakda umumy maglumat bermek däl-de, obýektleri has takyk kesgitlemäge gönükdirilen maglumatlary gaýtadan işlemek usulyny ulanýar. Ulanyjynyň ýanyndaky obýektiň uly-kiçiligine garamazdan, “akylly” äýnek olara “ses” berýär.
Sidneý Tehnologiýa uniwersitetiniň biomedik-inženerler topary akylly äýnekleriň OPPO Find X3 Pro Android smartfony bilen baglanyşykly binaural dinamikaly NReal's Light giňeldilen hakykat äýneklerine esaslanyp döredilendigini düşündirdi.
Ulanyjy NReal äýnegi geýende ses signallary bilen ölçelýän trapesiýa görnüşindäki  ses meýdanyna girip biler. Bu duýduryşlar “gyzgyn ýa-da sowuk” oýnuna meňzäp, obýektiň gözýetimde ýakynlygyna baglylykda tizligi üýtgedýär.
Alymlar akylly äýnegi 14 adamda synagdan geçirdiler, olaryň her biri tebigy görşüni düýbünden ýitiren. Synaga gatnaşyjylardan dürli ýagdaýda – oturan ýeriňde, dik durkaň we ýöreýän wagtyň käbir zatlary tapmak haýyş edildi. Synagdan geçýänler stoluň başynda-da, synag meýdançasynda aýlananda-da tabşyryklary berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.


24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....