Honor smartfonlary hemra aragatnaşygyny goldar

  • 10.11.2023 17:38
  • 4k+

Honor-yň öz smartfonlaryna hemra aragatnaşygyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigi indi ýönekeý bir gürrüňler däl. Bu barada hytaý kompaniýasynyň marketing müdiri Szýan Haýrong Weibo sahypasynda şeýle ýazýar:

“Hemra aragatnaşygy tehnologiýasy tehniki çäklendirmelere eýe, ýöne Honor kompaniýasy bu ugurdaky gözleglere we işläp taýýarlamalara ep-esli serişde maýa goýdy we köp möhüm ugurlarda üstünlik gazandy. Siz geljege sabyrsyzlyk bilen garaşyp bilersiňiz. Ykjam Honor telefonlary hemra aragatnaşygy nukdaýnazaryndan pudagyň lideri bolar”.

Başga hiç hili jikme-jiklik ýok, ýöne aýdylanlara salgylansaň, Honor enjamlary hemra aragatnaşygynyň kömegi bilen sesli jaňlary goldar. Öň, Hytaýyň HBS-i brendiň hemra aragatnaşygyny göterjek ilkinji enjamynyň Honor Magic6 bolup biljekdigini habar berdi.

25.06.2026 11:01
3.8k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......