Windows 11-däki Paint tekste esaslanyp şekilleri döretmegi öwrendi

  • 08.11.2023 10:55
  • 4.6k+

Noýabr aýynyň başynda emeli aňyň (AI) köp aýratynlyklaryny özünde jemleýän, ulanyjylar köpçüligine niýetlenen, Windows 11 üçin 23H2 täzelenmesi çykdy. Gürrüň hem-ä dürli programmalarda CoPilot sanly kömekçiniň işleýşi, hemem Paint-de neýroulgam şekilleriniň döredilişi hakda barýar.

Soňky aýratynlyk ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, Awstraliýanyň, Kanadanyň, Italiýanyň we Germaniýanyň käbir OS ulanyjylary üçin elýeterli. Grafiki redaktorda meşhur DALL-E neýrosetini ulanmaga we tekst beýany esasynda islendik şekili döretmäge mümkinçilik berýän Cocreator aýratynlygy peýda boldy.
Ýöne bu ýerde ujypsyz bir aýratynlyk bar: suratlar wirtual karzlar arkaly döredilip bilner - başda ulanyjylara 50 sany wirtual teňňe berilýär, şondan soň olary pul bilen dolduryp bolýar.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......