Circular brendi dünýäde iň inçe we ýeňil «akylly» ýüzügi hödürledi

  • 21.11.2023 09:37
  • 10k+

Circular fransuz brendi dünýäde iň inçe we iň ýeňil diýlip hasaplanylýan “akylly” ýüzügiň döredilendigini habar berdi. Onuň agramy bary-ýogy 2 gr. Bu barada Gizmochina habar berýär.

Çaklaňjadygyna garamazdan, Circular Ring Slim diýlip atlandyrylýan bu enjam adamyň saglygy baradaky maglumatlary yzarlamak üçin ähli zerur opsiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýürek urmasyny, stresiň derejesini we ganyň kislorod bilen doýgunlygyny ölçäp, uky režimini seljerip biler. Gajet ulanyjynyň fiziki işjeňligini yzarlamagy başarýar we emeli aňyň esasynda Kira + wirtual kömekçisi oňa şahsy maslahatlary berip biler.
Ýüzügiň daş ýüzki üstüniň tutuksy titan görnüşi bar. Içki bölegi gipoallergen materialdan ýasalýar.
Öndürijiniň pikiriçe, önüm suwuň uly bolmadyk täsirine çydamly. Circular Ring Slim-i Google Fit we Apple Health bilen çatylyp bilner. Batareýanyň ömri alty gün.
Täze önümiň bahasy 275 dollar.


düýn 23:26
1.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.4k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....