Samsung Gauss atly öz emeli aňyny hödürledi

  • 10.11.2023 17:45
  • 3.3k+

Samsung Electronics kompaniýasy häzirki wagtda «Samsung AI Forum 2023» forumyny geçirýär we bu ýerde ol gyzykly bildiriş berdi. Forumda Samsung Research gözleg merkezi tarapyndan işlenip düzülen emeli aňyň dörediji modeli bolan Samsung Gauss hödürlendi.

Samsung kompaniýasynda gürrüň bermeklerine görä, bu model maşyn öwrenmegiň we AI-iň esasyny düzýän adaty paýlanyş teoriýasyny döreden meşhur matematik Karl Fridrih Gaussyň adyny göterýär. Mundan başga-da, bu at Samsung-yň AI-niň güýjüni ulanmak we dünýädäki ulanyjylaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin adamzat tarapyndan toplanan ähli bilimleri ulanmak baradaky düşünjesini görkezýär.
Samsung Gauss modeli Samsung Gauss Language, Samsung Gauss Code we Samsung Gauss Image modullaryndan durýar. Samsung -yň Gauss Language dörediji dil modeli elektron hatlary düzmek, resminamalaryň mazmunyny gysgaça beýan etmek we mazmuny terjime etmek ýaly meseleleri aňsatlaşdyrmak üçin döredildi. Samsung-da belleýişlerine görä, önümlere goşulanda ol enjamlaryň has tertipli dolandyrylyşyny üljün etmek bilen ulanyjynyň tejribesini ýokarlandyryp biler.
Samsung Gauss Image – bu şekil stilini üýtgetmek, jikme-jiklikleri goşmak we pes çözgütli şekilleri ýokary çözgütli şekillere öwürmek ýaly, suratlary döretmäge we redaktirlemäge mümkinçilik berýän döredijilik şekilli modeldir.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......