Emeli aň adamyň sesinden süýji keseliniň bardygyny anyklamagy öwrendi

  • 23.10.2023 12:24
  • 8.3k+

Kanadanyň «Klick Labs» tehnologiýalar kompaniýasynyň hünärmenleri emeli intellektiň esasynda adamyň sesinden 2-nji derejeli süýji keseliniň (diabetiň) bardygyny kesgitläp bilýän gural döretdiler.

Bu guraly döredijileriň bellemeklerine görä, diagnoz goýmak üçin programma diňe 6 – 10 sekunt aralygynda dowam edýän ses ýazgysy, şeýle hem saglyk ýagdaýy, jynsy, ýaşy, boýy we agramy baradaky esasy maglumatlar gerek. Model aýallar üçin 89%, erkekler üçin 86% takyklyk görkezdi.
Barlagyň çäklerinde hünärmenler 267 sany meýletinçini saýlap aldylar, olaryň içinde  2-nji derejeli süýji keseli bolanlar hem, sagdyn adamlar hem bar. Olardan iki hepdäniň dowamynda günde alty gezek öz smartfonlaryna sözlemleri ýazga almagy haýyş etdiler. Soňra alymlar 18 müňden gowrak ses ýazgysyny seljerip, keseliň bardygyny görkezýän 14 akustiki aýratynlygy kesgitlediler.

«Biziň barlagymyz 2-nji derejeli süýji keseli bolan we bolmadyk adamlaryň sesleriniň arasyndaky düýpli tapawutlary ýüze çykarýar, munuň özi lukmançylyk jemgyýetiniň bu keseli anyklaýyş usulyny üýtgedip biler» diýip, «Klick Labs» kompaniýasynyň ylmy işgäri Jeýsi Kaufman belläp geçdi.

Halkara diabet federasiýasynyň maglumatlaryna görä, dünýädäki diabet bilen kesellän 480 million adamyň her ikinjisi diýen ýaly özlerinde bu keseliň bardygyny bilmeýär. Şunuň bilen birlikde, 90% ýagdaýda bu 2-nji derejeli süýji keselidir.


düýn 23:26
820

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......