Ýaponiýada polisiýa maglumat gözlemek üçin emeli aň ulanyp başlady

  • 03.10.2023 10:54
  • 5.9k+

Ýaponiýanyň polisiýa işgärleri öz işine emeli aň (AI) esasly ulgamy ornaşdyrdylar, bu jenaýat bilen baglanyşykly maglumatlar üçin internetde jikme-jik gözlegleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berdi.

Mundan öň, ýapon polisiýasy diňe “ýarag” we “partlaýjy” ýaly şübheli açar sözleri gözleýärdi. Täze ulgam bikanun işleriň jikme-jikliklerini gözläp, ulanylyşynyň kontekstini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Teleýaýlymyň bellemegine görä, AI-niň girizilmegi jenaýatlara taýýarlyk alamatlarynyň ýüze çykarylmagyny hem tizleşdirer, bu bolsa polisiýanyň jenaýatçylara garşy göreşde netijeliligini ýokarlandyrar.
Ondan öň Ýaponiýanyň polisiýa müdirligi 2022-nji ýylda ýurtda amala aşyrylan kiber jenaýatçylygyň sanynyň rekord 12  369-a ýetendigini habar beripdi.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......