Xiaomi gaz bilen işleýän akylly suw gyzdyryjyny hödürledi: ol gazy 40%-e çenli tygşytlaýar

  • 03.10.2023 10:47
  • 5.2k+

Xiaomi kompaniýasy gaz bilen işleýän «akylly» Mijia 16L N1 suw gyzdyryjysyny hödürledi. Takmynan, 200 dollar bahadan onuň deslapky satuwy başlandy.

Bar bolan maglumatlara görä, täze suw gyzdyryjy energiýa tygşytlaýyş tehnologiýasyny ulanýar. Öndürijiniň ynandyrmagyna görä, enjam, gaz bilen işleýän adaty suw gyzdyryjylar bilen deňeşdirilende, gazyň 40% -ini tygşytlamak üçin emeli aň ulanyp biler.
Gaz bilen işleýän Xiaomi Mijia 16L N1 suw gyzdyryjysy birleşdirilen deslapky gyzdyryş, meýilleşdirilen deslapky gyzdyryş, bir düwme bilen deslapky gyzdyryş we suwa takyk gözegçilikli gyzdyryş ýaly dürli suw üpjünçilik usullaryny goldaýar.
Täze Mijia suw gyzdyryjy güýçli 7200 aýlawly goşa güýçlendirijili suw nasosy bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa suwuň çykarylyşyny 120% ýokarlandyrýar. Aýlanyş tizligini 40% ýokarlandyrýan çalt gyzdyryş tertibi bar.
Mundan başga-da, Xiaomi Mijia 16L N1 takyk gözegçilikli hemişelik temperatura ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Poslama garşy durnukly spiralsyz ýylylyk çalşyjylaryň täze neslini ulanýar, adaty suw gyzdyryjylardan 18,5% kiçi göwrümli, köp sanly howpsuzlyk mehanizmleri bilen enjamlaşdyrylan we 40 dB pes ses derejesi bilen işleýär.
Xiaomi Mijia 16L N1 gaz bilen işleýän suw gyzdyryjy Mijia akylly öý ulgamyna birikmegi we smartfondan dolandyryşy goldaýar.


24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......

06.04.2026 21:45
5k+

16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär

Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene......