Alymlar: çat-botlar adamlara saglygyny, iýmitlenmegini we ukusyny gowulandyrmaga kömek eder

  • 02.11.2023 12:45
  • 8.1k+

Digital Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg AI esasly çat-botlaryň adamlara fiziki işjeňligi, iýmitlenmegi we ukyny gowulaşdyrmakda ýardam edip biljekdigini görkezýär.

Kadasyz iýmitlenmek, maşk etmezlik, hereketsiz durmuş ýörelgesi we ukyňy doly almazlyk saglygy goraýyşyň ählumumy meselesidir. Bu durmuş faktorlary dürli keselleriň, şol sanda depressiýa, alada, süýji keseli we ýürek-damar keselleriniň döremegine sebäp bolup bilýär we şeýlelik bilenem ömrüň gysgalmagyna getirýär.
Öň ýönekeý işleri ýerine ýetirýän çat-botlar indi ep-esli ösdi. Häzir olar ulanyjylara durmuş ýörelgelerini has sagdynlaşdyrmaga kömek edýän bada-bat, şahsylaşdyrylan jogaplary berip bilýärler.
Gözleg bar bolan çat-bot gözlegleriniň yzygiderli synyny we meta-derňewini öz içine aldy. 3567 gatnaşyjynyň dürli nusgasyny öz içine alýan 19 synagdan geçen maglumatlary jemledi. Bu synaglarda çat-botlaryň fiziki işjeňlige, iýmitlenişe we uka täsirleri öwrenildi. Gözlegçiler çat-botuň goşulmagynyň fiziki işjeňlige, iýmitlenişe we uka azda-kände, assa-ýuwaş täsiriniň bardygyny anykladylar. Çat-botlaryň kömegi bilen gatnaşyjylar ädimlerini günde goşmaça 735 ädim artdyrdylar, gündelik iýmitlerinde miweleriň we gök önümleriň mukdaryny goşmaça köpeltdiler, şeýle hem ukynyň dowamlylygyny 45 minut artdyrdylar.


düýn 23:26
820

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......