Ýelpewaç oturdylan dünýäde ilkinji oýun oturgyjy döredildi

  • 19.10.2023 07:50
  • 9.2k+

Kompýuter oturgyçlaryny we stollaryny öndüriji Cougar Computex 2023 sergisinde NxSys Aero oturgyjyny hödürledi diýip, ExtremeTech habar berýär. Oturgyjyň arkalygyna RGB yşyklandyryjyly 200 mm-lik ýelpewaç oturdyldy.

Ýelpewaç oturgyjyň arkalygynyň orta gürpünde ýerleşýär, bu howanyň diňe bir oýunçynyň arkasyny däl, eýsem tutuş bedenini hem sowatmagyna mümkinçilik berýär diýip, Cougar düşündirdi. Ýelpewaç bezeg görnüşindäki yşyk bilen enjamlaşdyrylandyr.
Oturgyçda beýikligini sazlap bolýan magnitli başlyk bar. Oturgyjyň arkalygyna arkaňyzyň aşakky bölegini goldamak üçin ýassyk oturdylan. Oturgyjyň özüniň howa geçirýän deriden edilen we ol bedeniň agramyny dogry paýlamaga amatly susak şekilinde diýip Cougar belleýär.
NxSys Aero-dan başga-da, kompaniýa Hotrod oturgyjyny hödürledi. Onuň aýratynlygy, arkasy dürli gatylyk doldurgyçlary ulanylýan birnäçe zolaga bölünýär.

25.06.2026 11:01
3.8k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......