ChatGPT indi «görüp, eşidip we gürläp» bilýär

  • 28.09.2023 12:37
  • 5.8k+

Amerikanyň OpenAI kompaniýasy döredilen ChatGPT emeli aň ulgamynda uly täzelenmäniň goýberilendigini habar berdi. Resmi blogda habar berlişine görä, kompaniýa ChatGPT-ä täze ses we grafiki mümkinçilikleri girizip başlady, bu size ses bilen ýönekeý söhbetdeşlik geçirmäge ýa-da gürleşýän zatlaryňyzy ChatGPT-ä görkezmäge mümkinçilik berer.

Ýönekeýleşdirip aýdylanda, ChatGPT ulanyjylaryň sesli beýan edýän isleglerine “düşünmegi”, olara “daşyndan” jogap bermegi we ulanyjynyň görkezýän suratlaryny tanamagy öwrendi. Çat-bot sesli gepleşik geçirip, ýatmazdan owal hekaýa gürrüň berip biler ýa-da maşgala dawasynda subutnama teklip edip biler, griliň näme üçin işläp başlamaýandygyny ýa-da sowadyjydaky azyklardan näme taýýarlap boljagyna surat boýunça düşünip we düşündirip biler. Ses berişiň 5 görnüşini - 2 sany erkek sesini, 2 sany aýal sesini we bir sany bitarap sesi saýlap bolar.
Täzeligi ornaşdyrmak eýýäm başlandy. Ses aragatnaşygy we şekili tanamak üçin goldaw Plus we Enterprise abunasyny ulanyjylar üçin iki hepdäniň dowamynda kem-kemden elýeterli bolar. “Ses” iOS we Android üçin programmalarda peýda bolar (sazlamalarda işjeňleşdirmegi talap edýär) we şekil tanamak bolsa  ähli platformalarda peýda bolar.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......