Emeli aň rak keseline garşy peýdaly derman serişdelerini kesgitledi

  • 24.11.2023 15:56
  • 11k+

Emeli aň dürli kesellere, şol sanda rak keseline garşy göreşde immuniteti güýçlendirýän täze täsirli immunomodulýatorlary kesgitlemäge kömek etdi.

Çikago uniwersitetiniň Pritzker molekulýar inženerçilik mekdebiniň (PME) alymlary derman serişdeleri üçin 140 müň sany kiçi molekulanyň ýokary geçiş barlagyny geçirdiler. Munuň üçin emeli aň bilen çäkli mukdarda molekulalaryň ýokary öndürijilikli barlag synaglaryny birleşdirýän işjeň okuw diýlip atlandyrylýan çemeleşme ulanyldy. Munuň netijesinde molekulanyň gurluşyna laýyklykda, onuň işjeňligini öňünden çaklamaga mümkinçilik berýän model döredildi.
Alymlar molekulýar gözleg meýdanynyň iki göterimini emele getirýän bary-ýogy 2880 birleşmäniň ýokary geçiş barlagyny geçirdiler. Dört aýlawyň netijesinde görlüp-eşidilmedik immunomodulýator häsiýetli molekulalar tapyldy. Şeýlelik bilen, kesel dörände bedeniň immun täsirini güýçlendirýän ýa-da peseldýän, ony işjeňleşdirýän, wiruslara garşy göreşmek üçin möhüm bolan kadalaşdyryjy täsiri artdyrýan molekulalar tapyldy.
Olaryň käbiri immun işjeňligini 110 göterim ýokarlandyrmaga, käbiri bolsa  128 göterim peseltmäge, käbiri wiruslara garşy göreş işjeňligini 83 göterim artdyrmaga ukyplydyr. Döredilen molekulalaryň biri çişlere garşy göreşde immuniteti gowulaşdyrmak üçin ulanylýan interferon-betanyň bölünip çykmagyny üç esse ýokarlandyrdy. Geljekki işlerde alymlar has-da peýdaly birleşmeleri almagy meýilleşdirýärler.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......