13k+

Türkmenistan Ysraýylyň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenb güni Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgaryp, beýanat bilen çykyş etdi. Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar...

4.7k+

Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew Maýnz şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew Reýnland-Pfalz federal sebitiniň paýtagty Maýnz şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Konsul saparyň barşynda sebitiň esasy wekilleri, şol sanda Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy we üzümçilik ministrliginiň Döwlet sekretary Petra Dik-Walter we Reýn-Gessen Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygy bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi...

3.9k+

Sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

18-20-nji sentýabr aralygynda Aşgabat Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler. Sergä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlary kompaniýalaryň, işewürleriň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar...

6.9k+

Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi

10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi.  Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler...

24k+

Ahal welaýatynda Döwletli mekan obasy açyldy: onda nämeler bar?

9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar...

3.3k+

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

11k+

Ahal welaýatynda täze Döwletli mekan obasy açylýar

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasy açylýar. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow açylyş dabarasyna gatnaşyjylara gutlag iberdi. Täze oba Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli açylýar...

3.3k+

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri - 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

6-njy sentýabrda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji konsertinde ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikleri, ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty, Watana söýgi, çagalaryň bagtyýar durmuşy wasp edildi...

8.7k+

Az bulutly, maýyl hepde. Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.09 - 14.09)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

12k+

Türkmenistanyň ugradan ynsanperwerlik kömegi Kabula bardy

5-nji sentýabrda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.  “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi...

3.5k+

Türkmenistan Stambuldaky «Halal Expo 2025» halkara sergisine milli pawilýony bilen gatnaşar

Türkmenistan şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä gatnaşar. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi...