Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda bag ekmek möwsümine badalga berildi

  • 09.11.2025 19:41
  • 7.9k+

8-nji noýabrda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günortasynda 12 ýyllyk türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Çäräniň dowamynda döwlet Baştutany käbir wise-premýerleriň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.
Oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy hem-de Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Aşgabada gözegçilik edýän wise-premýer B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Dabaraly çäräniň dowamynda aýdymçylar bilen “Galkynyş” milli  at üstündäki  oýunlar toparynyň  gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow sungat ussatlary bilen söhbetdeş bolup, olaryň milli sungatymyza, halkymyzyň döreden ajaýyplyklaryna, bedewlerimize, alabaýlarymyza, halylarymyza belent-belent daglarymyza we gözel  tebigatymyza buýsanyp, olary öz sungatlary bilen wasp etmekleri barada öz maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz aýdym-sazly çykyşlar bilen sazlaşykly hereket edýän milli eşikli  oglanlara çuňňur sylag-hormatyň nyşany hökmünde, “Türkmenistan” ýazgyly we bedewleriň şekilleri ýerleşdirilen hem-de sünnälenip taýýarlanan boýun lybasyny gowşurdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory--wise-prezidenti O.Atabaýewa  bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda kömege mätäç çagalara mundan beýläk-de yzygiderli goldaw bermek babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......