Gülüstan welaýatynda bilelikdäki türkmen-eýran söwda zolagyny döretmek meselesi maslahatlaşyldy

  • 08.11.2025 17:48
  • 3.7k+

Eýranyň Gülüstan welaýatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerinde Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda bilelikdäki söwda zolagyny döretmek boýunça Ikinji iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Çärä YHG-nyň wekilleri, şeýle hem iki ýurduň söwda, serhet we gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda «Altyn Asyr» — «Bajgiran» serhet-geçiş nokadynda söwda bazaryny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar döredilýän söwda zolagynda wiza we gümrük düzgünlerini ýeňilleşdirmek, ätiýaçlandyryş ulgamynyň işini ýola goýmak, şeýle hem taslama üçünji ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmek mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
YHG-nyň wekilleri taslamanyň durmuşa geçirilmegi gurama agza ýurtlar üçin iri nusgalyk desga boljakdygyny bellediler. Olar «Altyn Asyr» — «Inçeburun» gümrük nokadynda söwda zolagyny döretmek boýunça ylalaşygyň we meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamaga hem-de ony ýakyn wagtda iki tarapa ibermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti söwda zolagynyň meýilleşdirilýän gurluşyk ýeri bilen tanyşdy. Eýran tarapy söwda zolagynyň gurluşygy bilen bir hatarda gümrük nokadynyň işini pandemiýa döwründen öňki derejesine çenli doly dikeltmek maksadyny beýan etdi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar iş toparynyň indiki mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdiler.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....