Aşgabat we Yslamabat hünär-tehniki bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

  • 08.11.2025 17:23
  • 2.6k+

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň (NAVTTC) başlygy Gulmina Bilal Ahmad bilen duşuşdy.

Duşuşykda NAVTTC-niň alyp barýan işleri boýunça gysgaça maglumat berildi. Pakistaniň wekili bu guramanyň ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde we bilim edaralaryny goldamakda möhüm rol oýnaýandygyny belledi.
Taraplar hünär biliminde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, işgär taýýarlamagyň bilelikdäki maksatnamalaryny döretmek we sebitiň tehniki hem-de hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar özara peýdaly bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmek, şeýle hem peýdaly dialogy dowam etmek barada ylalaşdylar.


01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......