Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy

  • 08.11.2025 09:08
  • 9.3k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany şu ýyl ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “C5+1” formatyndaky hyzmatdaşlygyna 10 ýyl dolýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrülendigini nygtady. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gazanylan netijelere ýokary baha berýändigini hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen özara hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Bu hyzmatdaşlyk kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.

“Soňky ýyllarda Kongresiň wekilleriniň Türkmenistana saparlary amala aşyryldy hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berýän çäreler geçirildi” diýip, döwlet Baştutany aýtdy we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň özara düşünişmegi, syýasy dialogy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ABŞ-a saparynyň çäklerinde geçirilýän Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


düýn 19:38
4.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......