Türkmenistanyň gurluşyk ministri Pekinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatyndaky maslahata gatnaşdy

  • 11.11.2025 14:01
  • 4.2k+

6-8-nji noýabr aralygynda Pekinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynda gurluşyk ministrleriniň maslahaty geçirildi. Bu duşuşyk ýokary hilli şäher gurluşygyna we “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirildi.

Maslahat Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” ikinji sammitiniň gönüden-göni dowamy bolup, ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmagy we bitewi ykbaly bolan bileleşigi bilelikde gurmaga gönükdirildi.
Forumyň esasy maksady şäher gurluşygy ulgamynda tejribe alyş-çalşygyny çuňlaşdyrmak, infrastruktura, inženerçilik we gurluşyk taslamalarynda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Maslahatda Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýew çykyş edip, pudagy ösdürmegiň milli strategiýasy bilen tanyşdyrdy.
Ministr A.Geldiýew Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça binagärlik däplerinde alyş-çalyş etmegiň köp asyrlyk taryhynyň häzirki zaman hyzmatdaşlygyny gurmak üçin berk binýady döredýändigini nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistan bu ruhy täze derejede, ýagny senagatlaşdyrma, sanlylaşdyrma we durnukly ösüş döwründe dikeltmäge çalyşýar.
Ministr bilelikdäki iş üçin dört esasy ugry belläp geçdi:

  • “Ýaşyl” infrastruktura. Ýaşyl taslamalaşdyrmak, ýaşyl gurluşygy we ýaşyl eksplutasiýany höweslendirmek, arassa energiýany ösdürmek, sanly we ýaşyl infrastrukturanyň özara baglanyşygyny çaltlaşdyrmak.
  • Seýsmiki töwekgelçiligi azaltmak. Seýsmiki howply zolaklarda seýsmiki gurluşyk we töwekgelçiligi azaltmak pudagynda tejribe we ylmy-barlag işleriniň alyş-çalşygy.
  • Bilim alyş - çalşygy. Binagärlik taýdan taslamalaşdyrmak, şäher gurluşygy we inženerçilik çözgütleri ulgamynda tejribe alyş-çalşygy.
  • Ylmy - tehniki mümkinçilikler. Ylmy-tehniki innowasiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki iş duşuşyklaryny, ylmy seminarlary we maslahatlary guramak.

Ministr A.Geldiýew Türkmenistanda binagärligiň döwletiň ösüşiniň strategik ugry hökmünde garalýandygyny nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda, ministr duşuşygyň geljekki nesiller üçin görelde boljak bilelikdäki taslamalary döretmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....