Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen ASEAN guramasynyň arasynda ulgamlaýyn dialog pikirini goldady

  • 11.11.2025 13:54
  • 1.8k+

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Mongoliýanyň we Günorta-Gündogar döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy. Diplomatlar depginli ösýän iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ilçi Brýusseldäki diplomatik wekilhanalaryň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň gowy däbe öwrülendigini tassyklady we ony özara düşünişmegi berkitmek we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hökmany ösdürilmekdigini belledi.
S.Pälwanow 2022-nji ýylda “Merkezi Aziýa – ASEAN” atly özara gatnaşyklaryň institusional formatyny döretmek boýunça Türkmenistanyň öňe süren başlangyjyny nygtady.

“Biz özara gatnaşyklarymyzy has durnukly we ulgamlaýyn häsiýete öwürmegiň wagtynyň gelendigine ynanýarys. Brýusselde bolmagymyzyň çäklerinde, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ýurtlarymyzyň özara bähbitlerini öňe sürmäge goşant goşup bileris” – diýip ilçi belledi.

Ilçi Pälwanow sebitleriň arasynda meňzeş çemeleşmeleriň we umumy gymmatlyklaryň şol sanda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek isleginiň bardygyny belledi. Ol Merkezi Aziýanyň we “ASEAN” ýurtlarynyň ýadro ýaragyndan azat sebitler hökmünde ykrar edilýändigini we munuň halkara howpsuzlygyny we durnuklylygyny saklamak üçin möhüm esas bolup hyzmat edýändigini nygtady.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....