Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsüminiň çäklerinde on müňlerçe bag nahallary oturdyldy

  • 10.11.2025 14:32
  • 4.4k+

8-nji noýabrda Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallary ekildi. "Türkmenistan" gazeti welaýatlar boýunça bag ekmek çäresiniň geçirilişi barada san maglumatlaryny paýlaşdy.

Ahalda
Welaýat derejesindäki esasy bag ekmek dabarasy Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesiniň çägindäki giň meýdanda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerdäki dabaranyň barşynda 10 gektar meýdanda pürli agaç nahallarynyň 4 müň düýbi oturdyldy.
Welaýatyň etrap merkezlerinde, şäherçelerinde, obalarynda we giň ýaýlalarynda hem miweli hem-de pürli agaç nahallaryny oturtmak, öňki ekilen agaçlara ideg etmek boýunça işlere-de uly ähmiýet berildi. Çäräniň dowamynda welaýatyň çäginde 36 gektardan gowrak meýdanda agaç nahallarynyň 31 müň 900 düýbi, şol sanda saýaly nahallaryň 11 müň 900, pürli agaç nahallarynyň 6 müň, tuduň 14 müň düýbi oturdyldy. Zähmet baýramçylygyna gatnaşyjylaryň yhlasy bilen baglaryň 113 müň 600-siniň idegi göwnejaý alnyp baryldy.

Balkanda
Welaýat boýunça esasy dabara Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda guraldy. Bu ýerde jemi 10 gektar meýdanda 4 müň düýp agaç nahaly oturdyldy. Ählihalk çäresi sebitiň etrapdyr şäherlerinde-de giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýat boýunça agaç nahallarynyň jemi 10 müň 280 düýbi oturdyldy. Şolaryň 4 müň 200-si saýaly, 3 müň 800-si pürli, 2 müň 200-si bolsa miweli agaçlardyr. Şonuň ýaly-da, şol gün baglaryň jemi 74 müň 500-sine ideg işleri ýerine ýetirildi.

Daşoguzda
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ählihalk bag ekmek dabarasyna Köneürgenç şäherindäki täze açylan Bitaraplyk şäherçesiniň çäginde taýýarlanan 10 gektar meýdanda badalga berildi. Welaýat derejesinde geçirilen çäräniň dowamynda saýaly we pürli agaç nahallarynyň 4 müň düýbi oturdyldy.
Bu günde welaýatyň etraplarynda jemi 70 müňden gowrak bag nahallary oturdyldy. Şu ýyl welaýat boýunça agaç nahallarynyň jemi 300 müňüsini ekmek göz öňünde tutuldy. Şonuň 150 müňüsi ýaz paslynda oturdyldy. 150 müňüsini bolsa häzirki güýz aýlarynda ekmek işleri dowam edýär. Oturdylýan bag nahallarynyň 50 müň düýbi miweli, 200 müň düýbi pürli hem saýaly agaçlar, galany bolsa tut nahallarydyr.

Lebapda
Çäreler üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 599-njy kilometri saýlanyp alyndy. Ak sakgally ýaşulular, kümüş saçly eneler, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz bu ýoluň günbatar tarapynda öňden taýýarlanan 10 gektar meýdana ýygnanyp, ene topraga ýaş nahallaryň 4 müň düýbüni ekdiler.
Güýzki bag ekmek möwsüminde Jeýhunyň kenaryny jähekläp oturan Lebabyň şäherdir obalarynda jemi 26 müň 780 düýp dürli görnüşli agaç nahallary ekildi. Olaryň arasynda tut nahallarynyň-da bolmagy her ýylda 1 müň tonnadan geçirip pile taýýarlaýan welaýatyň ýüpekçilerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Maryda
Mary welaýaty boýunça ählihalk bag ekmek dabaralary Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çägindäki 10 gektar meýdanda geçirildi. Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň agzybirlikli zähmeti netijesinde, sähel wagtyň içinde türkmen arçasynyň ýaş nahallarynyň 4 müň düýbi oturdylyp, täze gök zolagyň düýbi tutuldy. Bu joşgunly günde welaýatyň etrapdyr şäherlerinde, oba-kentlerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri-de ýaýbaňlandyryldy.


şu gün 11:41
3

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
39

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......