Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek boýunça halkara forum geçirildi

  • 11.11.2025 00:53
  • 2.2k+

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Obasenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol ýokary okuw mekdep tarapyndan Türkmenistanyň Oba hojalyk we Bilim ministrlikleri bilen bilelikde guraldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Maslahata Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Belarusyň, Latwiýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylym-bilim edaralarynyň professorlary, alymlary, mugallymlary, ylmy işgärleri, talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň işi «Agronomiýa, bagçylyk we ekologiýa», «Obasenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematiki ylymlar, agroinženeriýa», «Azyk senagatynda we suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» diýen üç bölümçelerde dowan etdi.
Geçirilen maslahat oňa gatnaşanlara ýokary okuw mekdeplerde möhüm ugurlar boýunça geljekki degişli hünärmenleri taýýarlamak meselelerini giňişleýin maslahatlaşmak üçin uly mümkinçilikleri döretdi.


28.05.2026 17:08
5.8k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

17.05.2026 14:21
3.8k+

Şalynyň zyýankeş gurçuklary duzaga salmak we öldürmek häsiýetiniň bardygy anyklandy

Arkanzas uniwersitetiniň alymlary şalynyň öz tüýjümek sümmül gurluşyny duzak hökmünde ulanyp, mekge ýapragynyň sowkasyny fiziki taýdan öldürip bilýändigini anykladylar. Bu barada Ecological Processes......

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2.1k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......