Türkmenistanyň medeniýet ministri Er-Riýadda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar

  • 11.11.2025 14:18
  • 3.6k+

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar. Mejlis 7–11-nji noýabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýär.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan 160-dan gowrak wekiliýet gatnaşýar.
Mejlisiň dowamynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda sanly we innowasion çözgütleriň ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem syýahatçylygyň durnuklylygyny we jemgyýetçilik taýdan inklýuziwligini ýokarlandyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bu ýylky mejlisiň esasy mowzugy «Emeli aňyň esasyndaky syýahatçylyk: geljege täze göz bilen seretmek» bolup, ol halkara syýahatçylygyň täze arhitekturasynyň emele gelmeginde emeli aňyň möhüm ornuna ünsi çekýär.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......