Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy russiýaly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

  • 11.11.2025 14:14
  • 3.4k+

6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan guralan bu çärä dünýäniň 7 ýurdundan 3 müň adam gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda dolandyryş çözgütlerini kabul etmek işine ylmy barlaglaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, alymlaryň, döwlet gullukçylarynyň we telekeçilik ulgamynyň wekilleriniň arasynda tejribe we iň gowy gazananlary alyşmak boldy, şeýle hem häkimiýet edaralary üçin işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ylym bilen döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gurallaryny ösdürmek boýunça teklipler işlenip düzüldi.

«Döwlet dolandyryşyň ählumumy ösüş ugurlary hem-de iň gowy tejribeleri» atly umumy mejlisde çykyş etmek bilen, A.Annamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Bu ýerde ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda hünärini kämilleşdirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilen.
7-nji noýabrda A.Annamyradow bilen Russiýanyň Prezident akademiýasynyň rektory A.Komissarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Hereket edýän hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet gullukçylarynyň we işgär ätiýaçlyklarynyň goşmaça hünär bilimi boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, mugallymlaryň hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


11.05.2026 23:19
3.7k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2.1k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......

30.03.2026 18:52
3.5k+

Alymlar ýokary derejeli Gün partlamasyny hasaba aldylar

30-njy mart güni irden Günde ýokary derejeli X klasly partlama hasaba alyndy. Bu iki aýa golaý wagtyň içinde ilkinji gezek ýüze çykan şeýle hadysadyr....