Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ iş sapary tamamlandy

  • 08.11.2025 09:57
  • 9.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bu ýerde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem döwlet Baştutany A.Ataýewa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gül dessesini gowşuryp, Milli Liderimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa gutlaglar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.
Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy.


şu gün 22:09
182

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
412

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......