Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

  • 10.11.2025 06:54
  • 7.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy:

  • Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň däneli ekinleriň agrotehnikasy bölüminiň laboranty Çarymyrat Agajanowiç Gaýypgulyýew,
  • «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Ak bugdaý etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň däne we pagta kombaýnlary boýunça mehanigi Rejepmyrat Amangeldiýewiç Bugraýew,
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Ahalsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Ahalsuwgurluşyk» önümçilik kärhanasynyň ekskawatorçysy Daňatar Garajaýewiç Annasähedow,
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň «Altyn asyr Türkmen köli» aragatnaşyk we gözegçilik dolanyşygynyň Balkan welaýat bölüminiň esasy inžener-gidrotehnigi Nurmuhammet Japardurdyýewiç Ýegendurdyýew,
  • Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynyň baş çopany Aşyr Gurbandurdyýewiç Aşyrow,
  • «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat 1-nji çörek kärhanasynyň çörek önümlerini bişirijisi Perhat Işankulyýewiç Sapargylyçew,
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Gurbanberdi Annaýew,
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nartäç Baýramowna Saryjaýewa,
  • Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hojaberdi Nobatowiç Berdiýew,
  • Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Geldimämmet Tutlykow,
  • Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Parahat Amanmämmedowiç Gandalyýew,
  • Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň mehanizatory Nazarbaý Tuwakbaýew,
  • Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hatiça Rozumbaýewna Niýazowa,
  • Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gyrmyzy Nurjanowna Täjowa,
  • Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dilraba Baýramowna Jumaýewa,
  • Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Arça Orunowiç Jumaniýazow,
  • Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginiň mehanizatory Yhlas Rozyýewiç Kullyýew. 
  • Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Geldimyrat Hommatmyradowiç Rejepow,
  • Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanmuhommet Akmuhammedowiç Täşliýew,
  • Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň baş agronomy Serdar Gurbanmyradowiç Baradow.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy 8-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi.


şu gün 18:14
283

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
548

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
684

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......