Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

  • 08.11.2025 18:22
  • 6.8k+

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýanyň howandarlygynda geçirilen çäräniň açylyş dabarasyna dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmenistan bu sergide öz milli pawilýony bilen çykyş etdi. Pawilýonda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin maýa goýum mümkinçilikleri görkezildi.

Serginiň çäginde G.Agajanow bilen BAE-niň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, «ADNOC» kompaniýasy toparynyň Ýerine ýetiriji direktory we Baş direktory, doktor Sultan Al Jaberiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar energetika ulgamyndaky türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
3-nji noýabrda «Dragon Oil» kompaniýasynyň pawilýonynda G.Agajanow «ENOC» we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşyk geçirdi. 4-nji noýabrda bolsa Türkmenistanyň pawilýonynda «Dragon Oil» kompaniýasynyň baş direktory Abdulkarim Al Maazmi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sergidäki «Dragon Oil» pawilýonynda Türkmenistan bilen «Dragon Oil» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maglumatlar giňden ýaýbaňlandyryldy.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti «ADNOC», «Petronas», «Siemens Energy», «Baker Hughes», «Yug-Neftegaz» hem-de «Azizi Group» ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda nebitgaz we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalar barada pikir alşyldy.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......