Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Türkmenistanda golfy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy

  • 08.11.2025 09:15
  • 7.8k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sporty we syýahatçylygy ösdürmäge durnukly ösüşiň möhüm ugurlary hökmünde garaýar. Ýurdumyz halkara hil, ekologiýa standartlaryna, innowasiýalara üns bermek bilen, döwrebap sport hem-de syýahatçylyk infrastrukturasyny işjeň ösdürýär.
Işewür Türkmenistanda döredilen ösen sport infrastrukturasynyň ýurtda bu ugra uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýändigini, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty işjeň ilerledýändigini belledi.
Döwlet Baştutany “Nicklaus Сompanies” kompaniýasynyň golf infrastrukturasyny taslamalaşdyrmak we ösdürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasynda agzalan ulgamda bilelikdäki hereketler üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tarapyndan Aşgabatda gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap golf klubunyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezildi. Bu taslama Türkmenistanda golfy ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......