3.4k+

Türkmenistan we Ýaponiýa täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşdy

23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi...

22k+

Türkmenistanyň ýardam bermegi netijesinde 4000 adam Eýrandan öz ýurduna dolandy

Türkmenistan ynsanperwer geçelgeler arkaly Eýranyň çäginden çykýan daşary ýurtly raýatlaryň bökdençsiz üstaşyr ugradylmagy üçin ýardam bermegini dowam edýär. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu günki güne çenli 52 döwlet Ýakyn Gündogarda ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen baglylykda, öz raýatlaryny yzyna gaýtaryp getirmek boýunça kömek sorap Türkmenistana ýüz tutdy...

9.2k+

Türkmenistanda 1 million tonnadan gowrak bugdaý taýýar edildi

Türkmenistanyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar.   Meýilnama laýyklykda, Ahal welaýaty boýunça 195 müň gektar meýdandan bugdaýyň 400 müň tonnasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär...

20k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (23.06 - 29.06)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

6.8k+

Türkmen karateçileri Bişkekde Merkezi Aziýanyň çempionatynda 12 medal gazandylar

Türkmenistanly karateçiler Bişkek şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň WKF karate boýunça 10-njy çempionatynda jemi 12 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň karate-do federasiýasy habar berdi. Ýaryşa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistandan gelen 609 türgen gatnaşýar...

6.3k+

Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

7.1k+

2025-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň tertibi aýdyldy

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, şeýle hem wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar...

9.5k+

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler

24-25-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Saparyň barşynda russiýaly diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar diýip, Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen brifingde habar berdi...

5.2k+

Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

17-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi...

3.4k+

Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehiden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar...