Türkmenistanda mekdebe çenli bilim boýunça täze okuw gollanmasy neşir edildi

  • 29.11.2025 22:10
  • 4.6k+

Türkmenistanda «Mekdebe çenli terbiýäni guramak we dolandyrmak» atly täze okuw gollanmasy neşir edildi. Ol Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika kafedrasynyň uly mugallymy N.Myradowa hem-de pisihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy S.Myradowa tarapyndan bilelikde taýýarlanyldy.

Okuw gollanmada milli bilim ulgamynyň ilkinji binýatlyk we möhüm basgançaklarynyň biri bolup durýan çagalar mekdebe çenli bilim edaralarynda geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleri hakynda mazmunly materiallar we zerur maglumatlar getirilipdir.
Gollanmanyň sahypalarynda mekdebe çenli bilim edaralarynyň wekilleriniň – çagalar baglarynyň müdirleriniň, usulyýetçileriniň, terbiýeçileriniň hem-de beýleki hünärmenleriniň iş ugurlary we wezipeleri giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem gollanmada resminamalaryň gerekli derejede alnyp barylmagy, mugallymlaryň geňeşiniň işiniň guralmagy, usulyýet otaglarynda mugallymlar bilen geçirilýän iş ugurlary barada maglumatlar berilýär.
Täze neşir mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň terbiýesi, okuwy we ösüşi hem-de olary mekdep bilimine taýýarlamak bilen meşgullanýan çagalar baglarynyň hünärmenleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.
Şeýle hem mekdebe çenli bilim berýän mugallymlara niýetlenen okuw gollanmasy bu hünär boýunça bilim alýan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin peýdaly bolar.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......