«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy gatnawlaryň sanyny artdyrdy

  • 30.11.2025 08:51
  • 8.9k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi. Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça gatnaw girizdi we Daşoguz şäherine uçuşlaryň sany täzelendi.

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça T5-245 belgili gatnaw 12-nji dekabra çenli her gün amala aşyrylar. Uçuş sagat 14:30-da meýilleşdirilýär we uçar 15:30-da gonar. Bu ugur boýunça şeýle-de T5-241 (her gün, uçuş 06:20) we T5-247 (her gün, uçuş 18:20) belgili gatnawlar ýerine ýetirilýär.
Aşgabat — Daşoguz ugry boýunça T5-113 belgili gatnawda hem üýtgeşmeler boldy. 12-nji dekabra çenli ol her gün amala aşyrylar, emma 13-nji dekabrdan başlap uçuşlaryň sany hepdede dört gezege çenli azaldylar — duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri. Uçuş sagat 22:40-da, barmak wagty 23:30-da amala aşyrylýar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň galan içerki gatnawlarynyň tertibi üýtgewsiz galýar. Awiakompaniýa Aşgabat — Mary, Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Balkanabat, Aşgabat — Kerki ugurlary boýunça we yzyna yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirmegini dowam etdirýär.


şu gün 16:40
1.2k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
5.9k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.2k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....