Türkmenistanly talyp "ýylyň öwrülişigi" üçin «RF-niň ýylyň daşary ýurtly talyby» bäsleşiginde ýeňiji boldy

  • 30.11.2025 08:56
  • 6.3k+

Türkmenistanly talyp Igor Ýermolaýew «Russiýa Federasiýasynyň ýylyň daşary ýurtly talyby» atly ählihalk bäsleşiginiň «Ýylyň ylmy öwrülişigi» atly ugry boýunça ýeňiji boldy. Bu barada uniwersitetiň Telegram-kanalynda habar berildi.

I.Ýermolaýew Demirgazyk Kawkaz federal uniwersitetiniň Fizika-matematika we tebigy ylymlar institutynda bilim alýar.
Sylag gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Moskwa şäherindäki Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetinde (RUDN) geçirildi.
Russiýanyň Daşary ýurtly talyplar assosiasiýasy tarapyndan guralan dabara ýurduň ähli künjeginden iň gowy talyplary bir ýere jemledi. Sylag gowşurylyş sekiz dürli ugur boýunça geçirildi.


02.06.2026 19:33
6k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......