Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli Aşgabatda bezeg işlerini geçirmek boýunça teklibi goldady

  • 29.11.2025 10:00
  • 12k+

28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzda taýýarlyk işleri, hususan-da, şäheriň esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnaljak Baş arçany, onuň daş-töweregini bezemek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglylykda, Aşgabatda bezeg işlerini geçirmegiň, Täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


düýn 10:55
5.3k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......