«Jeýms Uebb» häzirki wagta çenli mälim bolan iň sowuk ekzoplanetany açdy
«Jeýms Uebb» teleskopy örän sowuk ekzoplanetanyň üstüni açdy. «WD 1856+534 b» belgili ekzoplanetanyň atmosferasynyň temperaturasy −87°C bolup, ol Ýupitere we Saturna meňzeýär diýip, «Space.com» habar berýär. Alymlar ýaşaýyş üçin zerur bolan şertleriň diňe Gün ulgamynda däl, eýsem, beýleki ýerlerde hem bardygyny-ýokdugyny öwrenýärler...