Şwesiýaly Dýuplantis 6,30 m beýiklikden aşyp, 14-nji rekordyny goýdy

  • 16.09.2025 12:16
  • 5.8k+

15-nji sentýabrda Tokiodaky ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis karýerasynda nobatdaky, eýýäm 14-nji dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,30 m beýiklikden geçdi.

Şonuň bilen türgen awgustda Budapeştdäki “Memorial Iştwan Dýulaý” ýaryşynda goýan öňki rekordyny (6,29 m) täzeledi.
25 ýaşly Dýuplantis üçünji synanyşygynda bu beýikligi alyp bildi. Ol üç gezek dünýä çempiony we iki gezek Olimpiýa çempionydyr (2021, 2024). Mundan başga-da, ol üç gezek Ýewropa çempiony boldy.
Tokiodaky çempionatda kümüş baýragyň eýesi gresiýaly türgen Emmanuil Karalis boldy. Ol hem alty metrlik derejeden geçdi, ýöne 6,20 m beýikligi alyp bilmedi. Bürünç medala 5,95 m görkeziji bilen awstraliýaly Kýortis Marşall mynasyp boldy.


düýn 23:43
4.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....