Türkmenistanda okuwçylar üçin koreý we ýapon dilleri boýunça okuw kitaplary neşir edildi

  • 15.09.2025 17:42
  • 6.4k+

Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriniň 9-njy synplary üçin iki sany täze — «Koreý dili» we «Ýapon dili» okuw kitaplary neşir edildi. Bu işe daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak boýunça maksatnamanyň çäginde badalga berildi diýip, Bilim ministrliginde habar berdiler.

Okuw kitaplary häzirki zaman talaplaryna laýyk taýýarlanylyp, birnäçe umumy aýratynlyklara eýedir. Olar üçin tekstleriň we sözlükleriň ses ýazgylary göz öňünde tutulyp, munuň özi okuwçylaryň diňlemek we dilden geplemek endiklerini ösdürmeklerine ýardam edýär.
«Koreý dili» boýunça taýýarlanan okuw kitabynda (awtorlary: D.Söýunnazarowa we M.Mämmedowa) okuw tapgyrlary, goşgular, nakyllar we tapmaçalar berlipdir. Kitap reňkli suratlar bilen bezelen.
«Ýapon dili» okuw kitaby bolsa H. Ito, N. Katsu we A. Taganowa tarapyndan taýýarlanylyp, maşgaladan başlap jemgyýet we medeniýet ýaly dürli mowzuklara bagyşlanan sekiz bapdan ybaratdyr. Kitabyň ahyrynda iki dilli sözlük ýerleşdirilipdir.
Bu neşirleriň ikisi hem okuwçylaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga we ýokary hilli bilim üpjün etmäge gönükdirilendir.


düýn 14:46
3.6k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

düýn 08:05
3.9k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......