0,03 sekunt tapawut: Tokioda marafon boýunça dünýä çempiony fotofiniş arkaly kesgitlendi

  • 15.09.2025 23:20
  • 8.4k+

Tokioda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek marafonyň ýeňijisi fotofinişiň kömegi bilen kesgitlendi.

Dünýä çempiony Alfons Feliks Simbu (Tanzaniýa) we kümüş baýragyň eýesi Amanal Petros 42,195 km aralygy birmeňzeş wagtda – 2 sagat 9 minut 48 sekuntda ylgap geçdi.
Fotofiniş olaryň arasynda 0,03 sekunt tapawudy hasaba aldy. Gyzykly ýeri, Petros tä pellehana çenli ýaryşyň tutuş dowamynda diýen ýaly öňdebaryjylygy saklady, Simbu diňe ahyrky pursatda ondan öňe geçmegi başardy. Bu Tokiodaky dünýä çempionatynda birinji we ikinji orunlaryň arasyndaky iň az tapawut boldy.
Bürünç medalyň eýesi Iliass Auani (Italiýa) olardan bäş sekunt yza galdy – 2:09.53.
Deňeşdirmek üçin, DÇ-2025-iň beýleki ylgaw aralyklarynda birinji we ikinji orunlaryň arasyndaky tapawut şeýle boldy:

  • ·0,05 sekunt – 100 metr, erkekler
  • ·0,06 sekunt – 10 müň metr, erkekler
  • ·0,15 sekunt – 100 metr, zenanlar.

Fotofiniş marafonyň netijelerini kesgitlemek üçin uly ýaryşda ilkinji gezek ulanyldy. Simbunyň ýeňşi ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda Tanzaniýa ilkinji altyn medaly getirdi. 


13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....