Astronomlar “gara ýyldyzlaryň” bardygynyň alamatlaryny tapdylar

  • 15.09.2025 18:02
  • 5.7k+

Maks Plankyň astronomiýa institutynyň (MPIA) astronomlary irki Älemde "gara ýyldyzlar" diýilýänleriň bardygynyň alamatlaryny habar berdiler. Bu obýektler käbir gadymy galaktikalaryň adatdan daşary uly massasyny we gara girdaplaryň çalt ösüşini düşündirip bilerdi.

Barlagçylar “Jeýms Uebb” teleskobyndan alnan maglumatlary seljerdiler we 35 sany galaktikany öwrendiler. Aýratyn hem, takmynan 12 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Kita ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän UDS-154183 obýekti ünsi çekdi. Spektriniň üýtgeşik gurluşy üçin alymlar ony "Kert" diýip atlandyrdylar.

"Derňewlerimiziň we gözegçiliklerimiziň dowamynda 35 sany gadymy galaktikany tapdyk we häsiýetlerini öwrendik... Öň nämälim  bolan, “Kert” diýip atlandyran obýektlerimiziň biri irki Älemiň iň ekstremal we adaty bolmadyk obýektleriniň birine öwrüldi" – diýip, MPIA-nyň ylmy işgäri Rafael Hwiding düşündirdi.

Hasaplamalara görä, obýektiň ýagtylygy köp ýyldyzlaryň däl-de, eýsem bir äpet jisimiň çykarýan şöhlesine meňzeýär. Bu "Kertiň" galaktika däl-de, "gara ýyldyz" - gyzgyn plazma gabykly aşa uly gara deşik bolup biljekdigini çaklamaga mümkinçilik berdi.
Astronomlar şeýle obýektleriň bolmagy irki galaktikalaryň emele gelmeginde möhüm rol oýnap biler diýip hasaplaýarlar.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......