Naoýa Inoue absolýut çempion adyny gorady. Ol Murojon Ahmadaliýew bilen söweşdi

  • 15.09.2025 15:12
  • 7.7k+

14-nji sentýabrda Nagoýada (Aýti prefekturasy, Ýaponiýa) ikinji iň ýeňil agramda (55,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrunda söweş geçirildi. Ringe titulyň häzirki eýesi ýaponiýaly Naoýa Inoue bilen özbegistanly boksçy Murojon Ahmadaliýew çykdy.

Eminler ýeňşi biragyzdan çempiona berdi: 117:100 we iki gezek 118:111.
“Nägehan” lakamly 32 ýaşly Inoue ýeňilmän galýar, onuň hasabynda indi 31 ýeňiş bar (27-si nokaut arkaly). Ol söweşiň gidişini ynamly dolandyryp, garşydaşyna mümkinçilik bermedi.
30 ýaşly özbegistanly boksçy ýaponiýalynyň karýerasynda iň howply garşydaşlaryň biri hasaplanýardy. Ol Inoueden öň professional karýerasynda 15 söweşden 14-üsinde ýeňdi, şolaryň 11-isi möhletinden ir tamamlandy.
Ýeňlendigine garamazdan, Ahmadaliýewiň Inoue bilen söweşi ahyryna çenli dowam etdirmegi başaran dördünji boksçy bolandygyny bellemek gerek.
Naoýa Inoue agram derejelerine garamazdan häzirki döwrüň iň gowy boksçylarynyň biri hasaplanýar. Ol P4P reýtinginde Terens Krouforddan we Aleksandr Usikden soň üçünji orny eýeleýär. Ol dört agram derejesinde guşaga eýeçilik edip, ikisinde – iň ýeňil we ikinji iň ýeňil diwizionlarda absolýut çempiondyr. Ol 55,2 kg çenli derejede dört titulyň ählisine 2023-nji ýyldan bäri eýeçilik edýär, şondan bäri ol bu guşaklary dört gezek üstünlikli gorady.
Ýeňişden soň Inoue indiki söweşiň dekabrda Saud Arabystanynda boljakdygyny aýtdy.


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....