Alphabet bazar bahasy 3 trln dollardan geçen taryhda dördünji kompaniýa boldy

  • 16.09.2025 11:50
  • 1.9k+

15-nji sentýabrda Google-a eýeçilik edýän Alphabet korporasiýasy bahasyny 4% ýokarlandyrdy. Şeýlelikde, ol dünýäde bazar bahasy 3 trln dollardan geçýän dördünji kompaniýa boldy. Iň ýokary derejesinde onuň bazar bahasy 3,04 trln dollara ýetdi.

Ozal bu derejeden geçmek diňe Nvidia, Microsoft we Apple kompaniýalaryna başardypdy – häzirki günde olaryň bazar bahasy, degişlilikde, 4,3 trln dollara, 3,81 trln dollara we 3,51 trln dollara barabar.
Alphabet-iň paýnamalary 3-nji sentýabrda amerikan kazyýeti Google kompaniýasyna Chrome brauzerini satmazlyga rugsat berenden soň ep-esli ýokarlandy. Soňky aýda korporasiýanyň paýnamalary 22,4% gymmatlady.
CNBC-niň hasaplamalary boýunça, Alphabet korporasiýasy Google-yň IPO-syndan, çen-takmyn, 20 ýyldan we Google-yň baş kompaniýasy bolan Alphabet holdingi döredilenden 10 ýyldan gowrak wagtdan soň 3 trln dollardan ýokary kapitalizasiýa ýetdi. 


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...