Rustam Minnihanow Tatarystanyň Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanyldy

  • 16.09.2025 18:49
  • 5.5k+

Tatarystanyň häzirki Baştutany Rustam Minnihanow saýlawlarda 88,09% ses alyp ýeňiş gazandy. Bu barada Russiýanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy protokollar 100% işlenip taýýarlanylmagynyň netijeleri boýunça habar berdi diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Saýlawlara dört dalaşgär gatnaşdy. «Ýedinaýa Rossiýa» partiýasy tarapyndan hödürlenen Minnihanowdan başga-da, Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň deputaty Hafiz Mirgalimow (RFKP), Russiýanyň Sosial Adalat ugrunda pensionerler partiýasynyň dalaşgäri Witaliý Smirnow we «Baýlyk №3» kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary Ruslan Ýusupow (LDPR) saýlawlara gatnaşdy.
Rustam Minnihanow 2010-njy ýyldan bäri Tatarystana ýolbaşçylyk edýär. Ol bu wezipä 2015-nji we 2020-nji ýyllarda iki gezek gaýtadan saýlanypdy. 2005–2010-njy ýyllarda respublikanyň premýer-ministri wezipesinde işledi. 2023-nji ýylyň ýanwarynda Minnihanow Tatarystanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek baradaky kanuna gol çekdi, onuň esasynda resmi wezipe ady «Baştutan» ýa-da «rais» diýlip kesgitlenildi.
Minnihanowyň Respublika ýolbaşçylyk eden ýyllarynda ol döwlet sylaglaryna mynasyp boldy, şol sanda 2021-nji ýylda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşandy üçin Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglandy.
Tatarystan däp boýunça türkmen-rus gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Bu sebit güýçli çig mal we senagat kuwwaty, şeýle hem iki halkyň taryhy gatnaşyklary bilen tapawutlanýar. Hyzmatdaşlyk ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, şeýle hem oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işlemek senagatynda işjeň ösdürilýär.


20.04.2026 20:30
4.6k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

08.04.2026 16:50
3.2k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......