Ýerdäki çöllerden alnan bakteriýalaryň Aý we Mars topragynda ýaşap biljekdigi anyklanyldy

  • 15.09.2025 17:55
  • 4.5k+

Ýerdäki çöllerde tapylan Chroococcidiopsis görnüşli sianobakteriýalar Aý we Mars topragynda ýaşamaga ukyplydygyny görkezdiler. Italiýanyň kosmos gullugynyň (ASI) barlagçylary ReBUS taslamasynyň çäklerinde şeýle netijä geldiler.

Bu mikroorganizmler ýokary çydamlylygy bilen bellidir: olar ozal kosmosyň boşlugyna, radiasiýanyň aşa köp dozasyna we Halkara kosmos stansiýasynyň daşynda uzak möhletli synaglara çydap bilipdiler. Alymlar bakteriýalaryň doly suwsuzlanmak şertlerinde "konserwirlenmek" ýagdaýyna girýändigini bellediler, bu bolsa olara ýaşaýşyň köp görnüşi üçin ölüm howply täsir edýän faktorlara sezewar bolanlaryndan soň hem ýaşamaga mümkinçilik berýär.
Täze barlagda "Ýeriň daşyndaky" gurşawda ýapyk ekoulgamy döretmek başartdy. Çöl bakteriýalary Aý we Mars topragyna mümkin boldugyça ýakyn toprak nusgalarynda üstünlikli ösdi. Olaryň ýaşaýyş işjeňligini goldamak üçin goşmaça azot gerek boldy, ol hem karbamid görnüşinde goýberildi.
Işiň awtorlarynyň pikirine görä, geljekde şeýle mikroorganizmler Ýeriň daşyndaky bazalarda biologiki “zawod” hökmünde ulanylyp bilner. Olar regoliti peýdaly bakteriýalary ösdürip ýetişdirmek we möhüm maddalary öndürmek üçin esas boljak iýmit substratyna öwürmäge ukyply.


düýn 16:08
2.4k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....