Daşkentde Merkezi Aziýanyň Adalatçylarynyň çagalaryň hukuklary boýunça maslahaty geçirildi

  • 15.09.2025 12:25
  • 3.8k+

11-12-nji sentýabrda Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýada çagalaryň hukuklaryny goramagyň mehanizmlerini pugtalandyrmagyň derwaýys meseleleri: Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň sebitleýin hyzmatdaşlygy” atly halkara forum geçirildi. Foruma Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa we Adalatçynyň Diwanynyň Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüminiň wekili gatnaşdy.

Çagalaryň hukuklaryna bagyşlanan bu maslahat Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirildi.
Forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa döwletleriň Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň arasynda çagalary goramak babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara tejribe alyşmak we sebitleýin platforma döretmekden ybarat boldy. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň çagalaryň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri, şeýle hem Norwegiýanyň, Horwatiýanyň we häzirki wagtda Ýewropa çagalar ombudsmenleri ulgamyna (ENOC) başlyklyk edýän Finlýandiýanyň ygtyýarly wekilleri, şol sanda hem Türkmenistanyň Adalatçysy gatnaşdylar.
Forumyň birinji gününde Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa çykyş edip, çagalaryň iň gowy bähbitleri, olaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen bagly ýurdumyzda alnyp barylýan netijeli işler, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny goramakda Adam hukuklary boýunça ygtyýarlynyň orny we alyp barýan işleri barada beýan etdi. Şeýle-de günüň dowamynda çagalaryň hukuklarynyň goraglylygyny pugtalandyrmak üçin halkara resminamalarynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak, çagalaryň internet ulgamynda howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly başga-da birnäçe möhüm mowzuklar boýunça çykyşlar edildi. 

Mundan başga-da maslahatyň çäklerinde foruma gatnaşan ygtyýarly wekilleriň, şol sanda Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Kamalowna Narbaýewa hem-de Adam hukuklary boýunça Milli merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. 
Halkara forumyň ikinji gününiň dowamynda hem birnäçe çykyşlar edilip, onuň netijesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaganyň hukuklaryny üpjün etmek we goramak boýunça sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen Jarnama kabul edildi. 


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......