Aşgabatda täze Yutong awtobuslary hereket edip başlady

  • 15.09.2025 21:59
  • 21k+

Aşgabatda şäher ugurlary boýunça täze Yutong ýolagçy awtobuslary hereket edip başlady. Kondisioner ulgamy bolan 12 metrlik üç gapyly ulag serişdeleri paýtagtymyzyň çäginde ýolagçylara kadaly hyzmat etmäge girişdiler.

Awtobuslar «Ýewro-5» ekologik standartlaryna laýyk gelýän hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyryldy. Ýol hakynyň tölegi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar.
Ulag serişdelerinde ýolagçylaryň münüp-düşmegine gözegçilik etmek üçin degişli enjamlar hereket edýär. Şeýle hem wideogözegçilik we GPS ulgamy arkaly awtobuslaryň hereketini we sürüjiniň işini gözegçilikde saklap bolýar.
Awtobuslarda mümkinçiligi çäkli bolan ýolagçylar üçin hem zerur şertler göz öňünde tutulan. Şeýle hem duralga gelendigi barada sesli habar bermek ulgamy işleýär.
Jemi şäher awtoulag parkynyň täzelenmeginiň çäklerinde Aşgabada Hytaýda öndürilen 700 sany täze awtobus getirildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......