ABŞ we Hytaý TikTok-yň satuw şertlerini ylalaşdy

  • 16.09.2025 11:27
  • 7.1k+

ABŞ we Hytaý TikTok sosial ulgamynyň satuw şertleri barada çarçuwaly ylalaşyk gazandy. Bu barada ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent aýtdy diýip, Reuters habar berýär.

Bessent şertnama barada heniz giňişleýin maglumatlaryň ýokdugyny we olaryň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 19-njy sentýabrda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy wagtynda yglan ediljekdigini belledi.
Ondan öň Tramp sosial ulgamlarda “ýurdumyzyň ýaşlarynyň halas etmek islän kesgitli kompaniýasynyň” satuwy barada ylalaşyk gazanylandygyny ýazypdy.
TikTok Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli. Amerikan häkimiýetleri sosial ulgamyň häzirki iş modeli milli howpsuzlyga zyýan ýetirýär diýip hasaplaýar, çünki Hytaýyň ulanyjylaryň maglumatlaryna elýeterli bolup biljekdigini öňe sürýär diýip, Reuters belleýär. 2024-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresi ByteDance-i TikTok-yň amerikan bölümçesini satmaga borçlandyrýan kanuny kabul etdi.
Ilkibaşda şertnama 270 gün berildi, ýöne bu möhlet ençeme gezek uzaldyldy.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......