Hytaýda dünýäde iň uzyn wantly köpri açyldy

  • 15.09.2025 16:40
  • 11k+

Hytaý Szýansu welaýatynyň Çançžou we Taýçžou şäherlerini birleşdirýän dünýäde iň uzyn wantly köpri bolan Çantaýy ulanylyşa girizdi. Desganyň uzynlygy 10,3 km barabar. Merkezi aralyk bolsa 1208 metr bolup, bu şeýle görnüşli köprüleriň arasynda dünýäde iň ulusy boldy. Bu barada Interesting Engineering habar berýär.

Köpri ýokary tizlikli awtomagistraly, adaty ýoly we 200 km/sag çenli tizlikli otlular üçin demirýoly birleşdirýär. Aşaky gatda ýollar simmetrik däl görnüşde ýerine ýetirildi: bir tarapdan demirýol ugurlary, beýleki tarapdan awtomobil ýoly geçýär. Täze infrastrukturanyň netijesinde iki şäherleriň arasyndaky ýol wagty 80 minutdan 20 minuta çenli azaldy.
Köpriniň gurluşygy alty ýyl töweregi dowam etdi. Inženerler täzeçe çözgütleri, şol sanda millimetre çenli gurnama takyklygy bilen paluba kranlaryny we ýük göterijiligi 10 000 tonna-metrden gowrak bolan intellektual diň kranlaryny ulandy. Kessonlar gurnalanda olary gyrmança ýa-da laý gatlaklaryna çümdürmekde rekord tizlik gazanyldy.
Köpriniň sütünleriniň beýikligi 350 metre ýetýär we bu 120 gatly diň bilen deňeçerdir. Olaryň romb görnüşli şekili we polat bilen betonyň garyndysy güýçli akymlara we temperatura üýtgemelerine durnuklylygy üpjün edýär. Ulag departamentinden taslamanyň ýolbaşçysy Li Çženiň aýtmagyna görä, köpriniň binýady goşmaça berklik üçin güýçlendirildi, bu desganyň köp ýyllaryň dowamynda howpsuz hereketi üpjün etmegine mümkinçilik berer.
Çantaý köprüsiniň ýolagçy we ýük gatnawlaryny çaltlaşdyrmagyna, şeýle-de Ýanszy derýasynyň deltasynyň ykdysady ösüşine itergi bermegine garaşylýar. Derýanyň uzynlygy 6300 kilometrden geçýär, ol öz gözbaşyny Tibet daglygyndan alyp gaýdyp, Gündogar-Hytaý deňzine çenli uzaýar.
Köpri diňe bir inženerlik üstünligi däl, eýsem sebitiň ulag ulgamynyň möhüm bölegi boldy.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....