BMW duýdansyz ýagdaýda öz firma nyşanynyň dizaýnyny täzeledi

  • 15.09.2025 16:58
  • 12k+

BMW kompaniýasy resmi yglan etmezden, öz belli nyşanyny täzeledi. Premýera Mýunhendäki IAA Mobility 2025 awtosalonynda boldy. Ol geljekki Neue Klasse hatarynyň stilini görkezýän täze iX3 elektrik krossoweri bilen bir wagtda görkezildi diýip, Carscoops habar berýär.  

Ulagyň, esasan, radiator gözeneginiň we çyralarynyň dizaýnyna üns bermek bilen, markanyň geljekki modelleri üçin hemişelik boljak nyşandaky üýtgeşmeler gözden sypypdyr.
Täze nyşanyň esasy aýratynlygy – hrom elementleriniň azalmagy boldy. Ozal BMW ýazgyly gara halkany ak we gök sektorlardan ybarat perden aýratynlandyrýan içki halka ýitdi. Şeýle-de, periň içindäki hrom germewleri aýryldy. Galan hrom “tüsse” öwüşginine eýe boldy.
BMW-niň elektromobilleri, şol sanda iX1 ulagyny aýratynlandyrmakda ulanýan gök halka gurşawy täze iX3-de ýok. Harplar inçeldi, gara fon öwüşginsiz boldy, nyşanyň özi bolsa has tekiz görünýär.
Bu kompaniýanyň logotip bilen geçiren ilkinji tejribesi däl: bäş ýyl ozal BMW has ýönekeýleşdirilen wersiýany hödürledi, ýöne ol diňe marketing materiallarynda ulanyldy. Indi täzelenen logotip iX3-den başlap, yzygiderli çykýan awtomobillerde, soňra beýleki täze we üýtgedilen modellerde peýda bolar.


27.04.2026 01:41
5.1k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

15.04.2026 11:36
4.4k+

Şu ýyl boljak 6 uly premýera: BMW öz modelleriniň giň gerimli täzelenmesini taýýarlaýar

BMW 2026-njy ýylda alty täze modeli we täzelenmäni, şol sanda Neue Klasse platformasyndaky elektrik awtoulaglary we meşhur krossowerleriň täzelenen görnüşlerini hödürlär....

10.04.2026 20:27
3.1k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

06.04.2026 16:59
4.1k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....