Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

  • 26.04.2026 13:48
  • 13k+

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele reňkli Hankerwen atly at mynasyp boldy.

Baýrak gowşurylyş dabarasy Milli bedew baýramy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen dabaralaryň çäklerinde boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ýeňijä ak reňkli «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtomobiliň açary, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Hankerwen 2018-nji ýylda doguldy. Ol Hanbegler bilen Okgyzyň nesli bolup, meşhur Gaplaňyň ugruna degişlidir. Şeýle hem, bu baýraga Gojameýdan, mele Meýdanly, gurt mele Pespälli, dor atlar — Edermen, Pähimli, Kerwen, gara dor Adyl, gara Mekan we gyr Merdana atly bedewler dalaş etdi.

Ýeňiji bedewiň seýsi gymmatly sowgat we atçylyk pudagyny ösdürmäge berilýän uly üns üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýüreginden minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň mundan beýläk-de pederleriň bu ugurdaky işlerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy we Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür, halkyň hem-de ýurduň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


şu gün 10:55
2.8k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......