Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

  • 25.04.2026 13:39
  • 16k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi.

Üýtgeşmeler Hojambaz, Türkmengala we Baýramaly etraplarynyň häkimleriniň wezipelerine degişli boldy.

Resminamalara laýyklykda:

  • Merdan Bebitowiç Poladow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
  • Magtymguly Saryýewiç Saryýew pensiýa gitmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
  • Azat Rejepmyradowiç Gurbanow Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
  • Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýew başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanynyň Karary bilen, Baýramaly etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek häkimiň orunbasary Nurmyrat Şadurdyýewiç Muhommedowyň üstüne ýüklenildi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......