Ägirt uly aý-balyk Wenesiýa kanalyny bekledi

  • 21.04.2026 09:04
  • 10k+

Wenesiýa kölünde agramy bir tonnadan geçýän jansyz aý-balyk esasy gämi gatnaw ýoluny ýapdy. Bu hadysa şäheriň deňiz gatnawynda uly bökdençlik döretdi.

Balygyň jesedini suw taksisiniň sürüjisi Sakka-Sessola adasynyň golaýynda ýüzüp ýören ýerinde tapdy.

Jandaryň örän uludygy we kanalyň dardygy üçin, ony suwdan çykarmak örän çylşyrymly hem hysyrdyly boldy. Balygy galdyrmak üçin ýangyn söndürijiler toparyny we ýüzýän göteriji krany ulanmaly boldular.

Alymlaryň ilkinji çaklamalaryna görä, balygyň heläk bolmagyna suwdaky plastik hapalanmalar ýa-da deňiz suwunyň temperaturasyndaky üýtgeşmeler sebäp bolup biler.

Adaty ýagdaýda aý-balyklar açyk we çuň deňizlerde ýaşamagy halaýarlar. Şol sebäpli olaryň Wenesiýa kanalyna gelmegi örän seýrek ýagdaýdyr. Alymlar bu balygyň joşgunly deňiz akymlary arkaly ýalňyşyp, kanala düşendigini belleýärler.

Bu wakanyň şäheriň suw ýollarynyň abadançylygyna howp ýetirýändigi sebäpli, ýerli häkimiýetler tarapyndan derrew çäre görülmegi talap edildi.


düýn 12:12
5.9k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
8.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 12:39
6.8k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....