«Onlaýn hyzmatda» aprel täzelenmeleri: keşbek mümkinçiligi giňeldildi

  • 22.04.2026 18:06
  • 79k+

Aprel aýy tamamlanyp barýar, diýmek, öý interneti (AŞTU, Türkmentelekom), ykjam aragatnaşyk (TmCell), IPTV, Älem TV, Belet hyzmatlarynyň töleg wagty ýetip geldi.

Munuň üçin ýöriteläp kassa barmagyň hajaty ýok. «Onlaýn hyzmat» arkaly tölegi islendik ýerde, birnäçe sekuntda amala aşyryp, maşgala agzalaryňyzyň balansyny yzarlap, her tölegden keşbek alyp bilersiňiz.

Programmany App Store ýa-da Google Play dükanlaryndan ýükläp bolýar.

«Onlaýn hyzmat» goşundysy ulanyjylaryň belliklerine we tekliplerine mydama açyk. Gelip gowşan teswirler esasynda programmanyň aprel täzelenmesi ulanyjylar üçin täze amatlyklary we peýdaly täzelikleri getirdi. Sanly hyzmatlary bir ýerden dolandyrmak indi has-da aňsatlaşdy.

  • Programmanyň sanawyndaky hyzmatlaryň hataryna meşhur «Elkitap» sanly kitaphanasy goşuldy.
  • Ozal Älem TV tölegi diňe kart üsti bilen geçirilýän bolsa, indi dalem logini arkaly hem töleg kabul edilýär.
  • Programmanyň interfeýsi has oňaýly görnüşe getirildi.
  • Tölegleriň geçiş tizligi ýokarlandy.
  • Ulgamyň durnuklylygy kämilleşdirildi.

«Onlaýn hyzmat» platformasynda ozal diňe TmCell we Lexicon tölegleri üçin 1% keşbek gaýtaryp berilýärdi. Indi bu sanawa «Elkitap» onlaýn kitaphanasy hem goşuldy. Toplanan serişdeleri indiki tölegleriňizde ulanyp, çykdajylary azaldyp bilersiňiz.

Sorag ýüze çykan ýagdaýynda ýüz tutmak üçin telefon: 10-11-15


08.06.2026 15:19
5.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......